“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”


“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda 141-nji orta mekdepde kitap sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol ýörelge bolup durýandygy, bu ajaýyp eseriň her gatynda biziň geçmişimiziň, şu günümiziň we geljegimiziň bardygy, gadymdan gelýän däp–dessurlarymyzy, milliligimizi, jemgyýetimiziň belent ahlak ýörelgelerini, durmuşyň kada kanunlaryny özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşme bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda ýerleşdirilen rowaýatlardyr, tymsallar boýunça okuwçylar bilen sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.