“Ýaşasyn Arkadagly Watan!” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda kitaphanamyzyň hünärmenleri öz okyjylary bilen “Ýaşasyn Arkadagly Watan!” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusynda ösüşlerden-ösüşlere, täze belentliklere tarap gadam urýan ýurdumyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi goşgy setirlerinde beýan edilýär. Şu goşgy setirlerini okan körpeje jiglerimiziň ýüreginde ata Watanymyza, asuda, parahat ýurdumyza bolan çäksiz söýgi uly buýsanç, duýgulary döredi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okap, öwrenip, ýurdumyzy dürli ugurlar boýunça belent derejelere ýetirmek barada buýsançly gürrüňler edildi.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri ýurdumyzyň asudalygy, parahatlygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýörelgeleriniň üstünlikli ýeňişlere beslenýändigi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk baradaky asylly ýol-ýörelgelerini Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize giňişleýin ýetirmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.