“Dünýäniň durky ene”


“Dünýäniň durky ene”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 17-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Dünýäniň durky ene” ady bilen edebi-sazly çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu günki günde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň balalarynyň bagtyna guwanýan käbelerimiziň, mukaddes saýylýan mähriban enelerimiziň arzylanýan ajaýyp mekanyna öwrülendigini, çünki maşgala terbiýesinde enäniň mähirli sözi ogul-gyzlaryna hormat söýgüsi bilen gurşap alyşy aýratyn uly ähmiýete eýe bolup, dünýäniň zynaty bolan eneleriň abraý-mertebesini has-da beýgeldýändigini we her ýylyň bahar pasly eziz enelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýändigini uly guwanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda kümüş saçly mähriban enelerimizi wasp edýän goşgulardyr, aýdymlar çäräniň şowhunyny artdyrdy we “Dünýäniň durky ene” atly gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda türkmeniň ýüzüniň tuwagy bolan gelin-gyzlara, mukaddes ojaklaryň eýeleri bolan enelerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.