«Ak paýtagtym - ak bagtym»


«Ak paýtagtym - ak bagtym»



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günsaýyn özgerýän keşbini wasp edip, «Ak paýtagtym - ak bagtym» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda höwesjeň okyjylarymyz Hormatly Prezidentimiziň saýasynda gün-günden gözelleşýän merjen şäherimiz Aşgabat şäheriniň belent binalaryny, suw çüwdürimlerini, ajaýyp ýollaryny wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna giren binalary, desgalary barada täsirli maglumatlary aýdyp berdiler. Şäherimiziň gözel ýerleriniň fotosuratlary bilen tanyşdyrdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, olaryň döwrebap mekdeplerde, çagalar baglarynda şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda bilim, terbiýe almagyna uly mümkinçilik döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.