“ Biz – gözel Watanyň elwan gülleri, eziz Arkadagyň şat nesilleri ! ”


“ Biz – gözel Watanyň elwan gülleri, eziz Arkadagyň şat nesilleri ! ”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrabyndaky 135-nji çagalar bagynyň bilelikde gurnamagynda “Biz – gözel Watanyň elwan gülleri, eziz Arkadagyň şat nesilleri!” ady bilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar baýramçylygyny geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda çagalar baradaky alada döwletiň hem-de bütin dünýäniň esasy aladasy bolup durýar. Çärede çykyş edenler parahat ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň rahat dynç almagy, okamagy, öwrenmegi üçin durmuşa ornaşdyrylýan mümkinçilikleriň sanardan kändigi şeýle-de häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpelerimiz ýurdumyzyň gözel künjeklerinde, Gökdere jülgesinde, Awazanyň gözel kenarynda rahat, asuda dynç alyp, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Watanymyzy, tebigatymyzy wasp edýän goşgulary bilen çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.