“Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy”


“Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 79-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler amala aşyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde belli şahsyýetlere bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlaryň geçirilýändigini we türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylmy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işlere badalga berilendigini öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda mekdebiň okuwçylarynyň Akyldar şahyryň goşgulary esasynda taýýarlan çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar öz çykyşlarynda şahyryň watançylyk, öwüt-nesihat, mertlik-namartlyk temasynda we başga-da durmuşy meselelere bagyşlanýan goşgularyny hem-de aýdyşyk goşgularyny ýerine ýetirdiler.

Wagyz-nesihat çäresinde gurnalan göçme sergisi çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide ýerleşdirilen kitaplaryň her biri bilen gyzyklandylar hem-de şol kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt we tutuş adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.