“Arkadag şäheri - geljegiň şäheri”


“Arkadag şäheri - geljegiň şäheri”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Arkadag şäheri - geljegiň şäheri” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän täze “akylly” şäher barada söhbet açýan “Arkadag şäheri-geljegiň şäheri” diýip atlandyrylan, owadan suratlar bilen bezelen bu kitapda döwrümiziň täsinligi, ekologiýa taýdan arassalygy, gadymy türkmen topragynyň özgerişi, Arkadag şäherinde gurulan binalaryň gözelligi, gurluş aýratynlygy we döwrebaplylygy, sazlaşygy barada giňişleýin beýan etdiler. Şeýle-de täze çapdan çykan “Arkadag şäheri-geljegiň şäheri” atly bu kitabyň üç dilde neşir edilmeginiň bagtyýar ildeşlerimiziň köňül buýsanjyny has-da goşalandyrýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden şeýle-de bagtyýar döwrümiziň ösüşini açyp görkezýän birnäçe kitaplardan gurnalan sergi çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy bedew bady bilen ösüşlerden- ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.