«Türkmen milli oýunlarynyň özboluşly aýratynlyklary» atly söhbetdeşlik geçirildi


«Türkmen milli oýunlarynyň özboluşly aýratynlyklary» atly söhbetdeşlik geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly kitaphana şahamçasy Aşgabat şäherniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmen milli oýunlarynyň özboluşly aýratynlyklary» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan bu ýylymyzyň ilkinji aýlaryndan başlap eziz Watanymyzyň uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýändigini, şeýle-de ýaşlara berilýän edep-terbiýede türkmen milli oýunlarynyň aýratyn ornunyň bardygyny, türkmen milli oýunlarynyň birnäçe görnüşleri, olaryň gelip çykyş taryhy, çaga terbiýesindäki ähmiýeti, şeýle hem türkmen edebiýatymyzda milli oýunlaryň many-mazmuny dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan dörän «Türkmen medeniýeti», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserlerindäki türkmen milli oýunlarynyň oýnalyşy, döreýiş taryhy barada belläp geçdiler, şeýle-de «Ogar – ogar», «Bäş daş», «Ýüzük bukdy», «Telpek goýdy», «Ýalyga towusdy», «Üçem» ýaly türkmen milli oýunlary, olaryň oýnalyş düzgünleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.