«Dutaryň owazy – parahatçylyk owazy»


«Dutaryň owazy – parahatçylyk owazy»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen «Dutaryň owazy – parahatçylyk owazy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri çagalar bilen dutar saz guraly barada täsirli gürrüňler etdiler. Çagalar dutary wasp edýän goşgudyr aýdymlary aýtdylar. Kitaphananyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary şeýle-de türkmen aýdym-saz sungatyny wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen aýdym-saz sungatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.