“Milli gymmatlyklara sarpa”


“Milli gymmatlyklara sarpa”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda 79-njy orta mekdepde “Milli gymmatlyklara sarpa” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gadymdan gelýän milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da ösdürilýändigi, dünýä ýaýylýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli medeniýetimize dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, medeniýetimize, sungatymyza çäksiz sarpa goýulmagy medeni gymmatlyklarymyzyň bu günki gün dünýä ýaýylmagy olara bolan gyzyklanmany has-da artdyrandygy barada şeýle-de halkymyzyň baý medeni mirasynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, geljek nesillere ýetirilmegine gönükdirilen asylly işleriň alnyp barylýanlygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda ata Watanymyzy, ýurdumyzy, parahat durmuşymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çärede gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini hemme taraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar ýerleşdirildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.