«Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
25-nji oktýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda welaýatlardan hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly hünär bäsleşigi, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň wezipeleri» atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.
Bäsleşik 7 şertden ybarat bolup, her şert boýunça kitaphana hünärmenleriniň ýerine ýetiren işleri seljerildi.
Emin agzalary bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmenleriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny wagyz edişlerine, kitaphana işini açyp görkezmek boýunça teleýaýlymlarda we gazet-žurnallarda habar berilişine, halk döredijiliginden eden çykyşlaryna, çeper okaýyşlary ýerine ýetirişlerine üns berdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Diplomlardyr hormat hatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Günüň ikinji ýarymynda geçen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň wezipeleri» atly okuw-usulyýet maslahaty hem ýurdumyzyň çar künjünden gelen ussat kitaphanaçylaryň öz tejribelerini paýlaşmak arkaly eden çykyşlary bilen netijeli häsiýete eýe boldy.