Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy


Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň kitaplary hakynda söhbet açylyp, her bir setiri nakyla öwrülen umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri ýaş nesillerimizi watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer edip terbiýelemekde ajaýyp durmuş mekdebi hasaplanýandygy barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.