Durmuşyň manysy saglykda
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Durmuşyň manysy saglykda” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp, pasylyň çalyşýan döwründe her bir ynsanyň jan saglygyny gorap saklamaga uly üns bermelidigi hem-de ilki bilen beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegine, arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý edip, dogry iýmitlenmegiň we wagtly-wagtynda ukyny almaklygyň, birnäçe sport oyunlarynyň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin täsirli çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.