«Baky Bitaraplyk –bagt dünýäsi»


«Baky Bitaraplyk –bagt dünýäsi»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Baş bilim müdürliginiň 88-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi şeýle-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlap «Baky Bitaraplyk – bagt dünýäsi» at bilen ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Çarede çykyş edenler Baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler . Çäräniň dowamynda myhmanlaryň okap beren goşgulary çärä gatnaşyjylara ýatdan çykmajak duýgyny bagyşlady. Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ylham» dutarçylar toparynyň, şeýle-de 88–nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bolsa olara ruhy lezzet paýlady. Çäraniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary şeýle-de ýurdumyzyň ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar esasynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy.