“Nesiller bagtyýar Arkadag bilen”


“Nesiller bagtyýar Arkadag bilen”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy 140-njy çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Nesiller bagtyýar Arkadag bilen” atly çäre geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe buýsanyp ýaşaýan Çaga-ynsanýetiň iň gymmatly baýlygydyr. Olar ýurdumyzyň geljegini bina etmeli, şahsyýet bolup ýetişmeli nesillerdir. Çärede eziz Watanymyzyň parahat ýurdumyzda çagalar üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýänligi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda körpeje nesillere bagyşlanan birnäçe gyzykly “Akpamyk”, “Ejekejan”, “Ýartygulagyň başdan geçirenleri” ýaly birnäçe türkmen halk ertekilerini okap berdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.