«Ýaňlanyp dur Garaşsyzlyk aýdymy»
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda, bellenilen meýilnama esasynda baş baýramçylygymyz bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli «Ýaňlanyp dur Garaşsyzlyk aýdymy» atly edebi-sazly çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda hünärmenlerimiz ýaş okyjylarymyza şanly Garaşsyzlygymyza ýetilýänçä ata-babalarymyzyň geçen taryhy ýoly, onuň gadyr-gymmaty, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň 29 ýylyň dowamynda ýurdumyzda bitirilen beýik işler barada täsirli gürrüňler berdiler. Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygyň ýüreklere ylham, kalplara joşgun paýlaýan günlerinde «Garaşsyzlyk-bagty» ady bilen gurnalan sergi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.