“Baş saglygym-altyn jygam”


“Baş saglygym-altyn jygam”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 79-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Baş saglygym-altyn jygam” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde döwletimiziň iň gymmatly baýlygy saýylýan ynsan saglygynyň, berk bedenliligiň, gujur-gaýratyň gözbaşy bolan sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky uly öňegidişlikler dogrusynda pikir alyşdylar.
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ilatyň saglygyny berkitmekde we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny üpjün etmekde ähmiýeti uludyr.
Gahryman Arkadagymyzyň saglyk we sport ulgamyna degişli eserleriniň saglygyňy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde uly gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.