“Türkmen bedewi halkymyzyň milli gymmatlygydyr”


“Türkmen bedewi halkymyzyň milli gymmatlygydyr”



Aşgabat şäher Medeniýet Müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy 82-nji orta mekdebinde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 82-nji orta mekdebinde “Türkmen bedewi halkymyzyň milli gymmatlygydyr” atly çäre geçirildi.
Bu çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, öz göbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, şan-şöhraty dünýä ýaýran, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip, dünýäde ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklarymyzyň biri ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygy, ata-babalarymyzyň uly yhlasy, zehini bilen ýetişdirilen gamyşgulak bedewlerimiziň öz gözelligi, ýyndamlygy we ajaýyplygy bilen dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galmagy, häzirki wagtda Diýarymyzda milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, şeýle-de bu gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň ýaş nesillerde, çäksiz buýsanç duýgusyny döredýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ahalteke bedewlerini wasp edýän kitaplardan sergi hem gurnaldy hem-de Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.