Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna


Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabaralara beslenýär.
Türkmenistanyñ Söwda-senagaty edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergi öz işini dowam edýär. Ýakynda bu ýerde geçirilen medeniýet ulgamynyň sergisine Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem öz okyjylary bilen bilelikde gatnaşdy. Kitaphananyň okyjylary onlaýn görnüşinde görkezilen sergiler bilen tanyşdylar. Sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar kitaplardan öwrenen ertekilerini aýdyp berdiler, ajaýyp aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Sergä gatnaşan körpejelere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.