“Watan gerçekleriniň sarpasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy 131-nji orta mekdepde “Watan gerçekleriniň sarpasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ata Watanyň, ene topragyň goragynda durup, öz şirin janlaryny gurban eden müňlerçe türkmen gerçekleriniň ady ýüreklerde ebedilik galyp, olaryň gahrymançylyklary geljekki nesiller üçin aýratyn mekdep bolup hyzmat edýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Türkmenistanly ildeşlerimiz ilkinjileriň hatarynda döş gerip ene-topragy, ata Watany goramak üçin ojaklaryndan alyslara rowana bolan gerçeklerimiziň yzynda galan türkmen zenanlary-da, çekýän zähmetleri bilen söweşýän goşunlarymyzy tyldan goldanlyklary şeýle-de Gahryman Arkadagymyz uruş weteranlaryna we uruş ýyllarynda tylda galyp, özleriniň zähmet gahrymançylyklaryny görkezen, ýanýoldaşlaryny uruş ýyllarynda ýitiren ak saçly enelerimize aýratyn hormat uly sarpa goýýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly ajaýyp kitabynyň içinde beýan edilýän Gahryman Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aganyň uruş ýyllarynda görkezen gahrymançylyklary barada gürrüň berdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.