«Teatr sungaty belent sepgitlerde» atly «Halkara teatr gününe» bagyşlap geçirilen söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Teatr sungaty belent sepgitlerde» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr sungatynyň taryhy, aýratynlyklary, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de teatr sungatynda yz goýan sahna ussatlary, olaryň döreden ajaýyp keşpleri barada gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.