Bilimli ýaşlar – Watanyň geljegi


Bilimli ýaşlar – Watanyň geljegi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwerstitetiniň talyplary bilen, şeýle-de bu ýerde geçirilen informatika olimpiýadasyna gatnaşan 18 ýurtdaky 52 ýokary okuw mekdebinde bilim alýan 270-den gowrak talyp ýaşlaryň we 30-dan gowrak daşary ýurtly mugallymlaryň gatnaşmagynda, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny talyp ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen «Bilimli ýaşlar – Watanyň geljegi» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

Serginiň dowamynda talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen okadylar. Ol şygyrlaryň ýaşlary milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde eýeleýän orny barada aýratyn nygtadylar.

Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisine gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.