Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda


Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy-türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda» ady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi asyrlaryň dowamynda ähli adamzadyň gymmatly hazynasyna öwrülendigi, şonuň üçin hem şahyryň baý döredijiligi, ajaýyp goşgularynyň many-mazmunyny geljek nesillere ýetirmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň örän uludygy barada gürrüň berdiler we çärä bagyşlap gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.

Bize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini, goşgularyny çuňňur öwrenmäge, olary sergilerimiziň üsti bilen ýaşlara ýetirmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.