Watan üçin gurban etjek bu jany


Watan üçin gurban etjek bu jany

Ýeňiş güni mynasybetli Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasy Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýi bilen bilelikde guramagynda «Watan üçin gurban etjek bu jany» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýulýan sarpa örän uludyr. Döwlet derejesinde edilýän sylag-hormat häzirki ajaýyp döwrümizde uruş weteranlarymyzyň, tylda zähmetini gaýgyrmadyk ak saçly enelerimiziň göwünlerini galkyndyrýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri «Gahryman ogullar halkyň kalbynda» ady bilen göçme kitap sergisini hem gurnadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.