“Aşgabat – arzuwlaryň ak şäheri ”


“Aşgabat – arzuwlaryň ak şäheri ”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES- indäki kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde Aşgabat şäheriniň güni mynasibetli “Aşgabat – arzuwlaryň ak şäheri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli işleriniň netijesinde gözel paýtagtymyzyň şan şöhrata beslenýän-digi, şol ösüşleriň milli ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýandygy, şeýle-de gözel paýtagtymyzyň taryhy barada, Aşgabat şäheriniň gününiň ýurdumyzda giňden bellenilýändigi barada gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň paýtagtymyzyň gözelliklerini wasp edýän surat sergisi gurnaldy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.