Watanyň daýanjy bagtyýar ýaşlar
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň bilelikde guramagynda «Watanyň daýanjy bagtyýar ýaşlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň halkymyza gowuşmagy, türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanyp ýazylan bu ajaýyp kitap ylym-bilimi ösdürmekde, nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gymmatlykdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.