Änew - gadymy medeniýetiň mekany


Änew - gadymy medeniýetiň mekany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Ýasmansalyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Änew - gadymy medeniýetiň mekany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby türkmen halkyna sowgat bermegi diýseň begençli wakalaryň biri bolandygy, bu ajaýyp kitap gadymy Änewiň şöhratly taryhynyň hem-de ösüşlere beslenýän häzirki döwrüniň beýany bolup durýandygy barada bellediler. Şeýle-de, bu ajaýyp eserde pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzy gözümiziň göreji deýin gorap saklamak, olary dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hataryna goşmak ýaly dürdäne jümleler beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmeniň gadymy taryhyny giňişleýin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.