“Jadyly ertekileriň dünýäsinde”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Jadyly ertekileriň dünýäsinde” atly sesli okaýyş geçirildi.
Çärede ýazyjy Şarl Perronyň “Ädikli pişik”, “Külbikejik”, “Periler” we “Gyzyl şyrdajyk” ýaly ertekileri çagalar tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygy barada aýdyp berip, çagalara ýazyjynyň ertekilerinden sesli okap berildi we çagalar bilen bu ertekiler boýunça sorag-jogap alyşyldy.
Çäräniň dowamynda çagalar ertekileriň gahrymanlaryndan sahna görnüşinde hereketleri janlandyryp hem görkezdiler. Bu ertekiler çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.