“Saglyk-uly baýlyk”


“Saglyk-uly baýlyk”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy 31-nji orta mekdepde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk-uly baýlyk” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Bütindünýä saglyk güni dünýäniň ähli ýurtlary bilen birlikde biziň güneşli Diýarymyzda hem giňden bellenilýän halkara baýramdyr.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly aladalar edilýär.
Çärede çykyş eden kitaphanaçylar ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, saglygy dikeltmekde eziz Diýarymyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň peýdasy barada giňişleýin gürrüň berýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary hakynda şeýle-de, ýurdumyzda giňden belleniliýän welosiped sporty, onuň adam saglygyna edýän täsiri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda kitap sergisi gurnalyp, sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.