”Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde Watançylyk temasy, edep-terbiýe” atly söhbetdeşlik
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 1-i güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda şu kitaphananyň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň MKU-nyň G.Ezizow adyndaky we A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ”Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde Watançylyk temasy, edep-terbiýe” ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda, okyjylarda watansöýüjiligi terbiýelemekde, pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýan milli ýol-ýörelgelerimizi okyjylarymyza wagyz etmekde gymmatly gollanma bolup durýan Mähriban Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”,”Ile döwlet geler bolsa...”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Mertler Watany beýgeldýär” kitaplaryndan, şeýle-de “Jan Watanym Türkmenistan!” atly şygryndan alnan mysallaryň esasynda özara söhbet etdiler hem-de hormatly Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary boýunça kitaphanalarynda okyjylar bilen alyp barýan işleri dogrusynda hem durup geçdiler.
Kitaphana hünärmenleri her bir işde, okuwda, durmuşda ýol-ýörelge, terbiýe mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň şular ýaly gyzyldan gymmatly eserleriniň dowamat-dowam bolmagyny arzuwlap söhbetdeşligi jemlediler.