“Saglygym - baş baýlygym” atly söhbetdeşlik


“Saglygym - baş baýlygym” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde “Saglygym – baş baýlygym” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyşy, aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyz bilen sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanamyzyň gurnan neşir önümleriniň sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.