Göwhere beslenen behişti bedewler, milli buýsanjymyzdyr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde «Göwhere beslenen behişti bedewler, milli buýsanjymyzdyr» atly sergisi gurnaldy.
Sergide türkmen, iňlis, rus, hindi, hytaý, nemes dillerinde neşir edilen Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlaryna bagyşlap ýazan ajaýyp kitaplary we daşary ýurt dillerinde çap edilen neşirleriniň nusgalary goýuldy. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!