“Türkmeniň terbiýe ýoly”


“Türkmeniň terbiýe ýoly”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmeniň terbiýe ýoly” ady bilen wagyz -nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler biziň baý edebi mirasymyz, edep-ekrama, milliligimize, öwüt-ündewe, wagyz-nesihata ýugrulan “Kowusnama”, “Bilimnama”, “Wagzy-Azat” eserleri, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary, Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” hem-de “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitaplaryndan edep-terbiýe barada täsirli söhbet etdiler. Şeýle hem mährem eneler we zähmetsöýerlik hakyndaky okap berlen rowaýatlar çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, türkmen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri esasynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy we sergidäki kitaplara syn berildi.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň şular ýaly gözel ýerlerde dynç almaklary üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.