Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ilkinji Zenanlar guramasy,TDMM Kärdeşler arkalaşygy guramasy, TDMM Ilkinji Zenanlar guramasy hem-de Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde ”Edebiň gözbaşy-türkmen zenany” atly wagyz –nesihat çäresi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ilkinji Zenanlar guramasy, TDMM Kärdeşler arkalaşygy guramasy, TDMM Ilkinji Zenanlar guramasy we Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Edebiň gözbaşy- türkmen zenany”
atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Geçirilen wagyz- nesihat çäresine kitaphana, muzeý işgärleri we dürli ýerlerden myhmanlar gatnaşdylar. Wagyz –nesihat çäresinde çykyş eden ak saçly eneler, halypa kärdeşler ”Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gelin- gyzlarymyza goýulýan hormat- sarpa, olaryň dürli kärlerde işläp, döretmekleri üçin edilýän aladalar dogrusynda söhbet etdiler.
Soňra ösüp gelýän ýaş gyzlarymyzyň edepli-ekramly, asylly bolmaklary dogrusynda hem täsirli söhbet etdiler.
“Edebiň gözbaşy - türkmen zenany” atly wagyz - nesihat çäresiniň soňunda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.