«Bitaraplyk – bagtyýar halkymyzyň buýsanjy»


«Bitaraplyk – bagtyýar halkymyzyň buýsanjy»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrabynyň medeniýet öýleri bilelikde Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlap «Bitaraplyk bagtyýar halkymyzyň buýsanjy» ady bilen wagyz – nesihat çäresini geçirdi. Dabara gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli, pähim – paýhasly, parasatly baştutanlygynda şu ýyl ýurdumyz dünýä bilelişigi bilen birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny uly dabara bilen bellenilýändigi, parahatçylyk, hoşniýetlilik, goňşuçylyk ýörelgeleriň rowaçlandyrylýandygy, Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýylyň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäraniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata watanymyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny, ýurdumyzyň ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlary esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.