Dünýä akyldary – türkmen danasy


Dünýä akyldary – türkmen danasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88–nji orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Dünýä akyldary - türkmen danasy» ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde akyldar şahyrymyzyň üç asyr bäri külli türkmeniň ruhy daýanjy bolup gelýän şygyrlary islendik halkyň wekiliniň kalbyny gülzarlyga besleýändigi, onuň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň uludygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý - mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.