Döredijilik duşuşygy


Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gözel Şagulyýewa özüniň täze ýazan ajaýyp goşgularyny okady. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň şu günki ýaş nesillerimiziň bagty üçin alyp barýan beýik işleri, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle hem şu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, bu uly toýa görülýän taýýarlyk barada giňişleýin söhbet etdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşan okyjylar bilen sorag-jogap alyşyldy.

Halypa şahyr Gözel Şagulyýewa söhbetiniň soňunda bize şu ajaýyp döwri beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.