“Barlygyňda bagtyýar biz Arkadag!”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Barlygyňda bagtyýar biz Arkadag!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky, Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly işleriň amala aşyrylýandygy, türkmen döwletiniň dünýä döwletleri bilen oňyn Bitaraplyk syýasaty netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dünýäde parahatçylygy berkitmekde we dost – doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde , bu günki gün ata Watanymyzda gazanylan belent sepgitleriň gözbaşynda Mähriban Arkadagymyzyň durandygy barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de tamamlanyp barýan 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada bellenip geçildi.
Täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky teklibi bir agyzdan tüýs ýürekden goldaýandyklaryny mälim etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda her bir günümizi bagtly geljege, ýagty ertirlere atarýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.