B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze gelip gowşan kitaplar


Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze gelip gowşan kitaplar



Türkmen halk ertekileri / red. O. Ataýew; sur. O. Çerkezowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 35 s. “Türkmen halk ertekileri” atly täze kitapçada “Mizemez dostluk”, “Dogruçyl oglan”, “Horaz we it”, “Garga, tilki we syçanyň dostlugy” atly owadan suratlar bilen bezelen ertekiler ýerleşdirilipdir.

Bu kitapçada Türkmen halkynyň eý görýän juda üşükli, eýesine wepaly, kanagatly alabaýy hakynda. umuman, bu ertekiler hiç wagt könelmejek gymmaty bilen okyjylaryň kalbynda orun alar. Kipliň, R. Maugli / R. Kipliň; red. O. Ataýew; sur. O. Çerkezowa. – Aşgabat : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019. – 32 s. “Maugli” atly kitapça owadan suratlar bilen bezelen.

Bu ertekide Maugli atly oglanjyk hakynda gürrüň gitýär. Bu kitapça tokaýda uly gaplaňyň Mauglini öz eline aljak bolup birnäçe gezek synanyşýar. Emma ene möjek Mauglini öz çagalaryny eý görşi ýaly gorap saklaýar. Ol tokaýda birnäçe ýyl ýaşap özüne dost tapynýar. Bu kitapça geljekki körpeje okyjylarmyz üçin gymmaty uly bolar.