“Sag başym- soltan başym”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 31-nji orta mekdepde “Sag başym - soltan başym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň gymmatly ylmy çeşme bolup, bu kitapda ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleriň üç dildäki ady, häsiýeti, ýaýraýyş aýratynlygy, tebigy gory, dermanlyk täsiri, himiki düzümi, peýdalanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin maglumatlaryň ýerleşdirilendigi şeýle hem ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, saglygy dikeltmekde eziz Diýarymyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň peýdasy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn bolmagy, abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin irginsiz tagallalar edýän, halkyň saglygyny goramakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.