“Kitap okan gullar magnydan dokdur”
Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Kitap okan gullar magnydan dokdur” ady bilen Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergiler merkezinde söhbetdeşlik geçirildi we sergi gurnaldy.
Söhbetdeşlikde bu amaly haşam sungatynyň eserler sergisinde, gezelençleriň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan joşup çykan, türkmen halkymyza peşgeş beren ajaýyp eserleri, şeýle hem Beýik akyldar şahyrymyz, dünýä şygryýetiniň göwheri Magtymguly Pyragynyň dünýä dillerinde neşir edilen kitaplary, şeýle-de ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň Watanymyzy wasp edýän çeper edebiýatlary sergi merkeziniň birinji gatynda ýerleşdirilip bu kitap sergisini has hem baýlaşdyrmakda öz beýanyny tapýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp atalyk kitaplary bilen halkyny begendirip durýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.