“Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň girewi” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik


“Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň girewi” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar dynç alyş merkezinde “Ekologiýa abadançylygy – sagdynlygyň girewi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bu merkezde dynç alýan çagalara tebigatymyzy goramagyň, daş-töweregimizi arassa saklamagyň, bag ekmegiň ynsan saglygyna peýdasy barada täsirli gürrüňler berdiler.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eserinde orun tapan dermanlyk ösümlikler, olaryň peýdaly taraplary barada gyzykly maglumatlar aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.