«Kitaply nesil – bagtly nesil»


«Kitaply nesil – bagtly nesil»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tomusky dynç alyş möwsüminde iýun aýynyň 16-na Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitaply nesil – bagtly nesil» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalara kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdiler. Çagalar kitaphananyň hünärmenleriniň okap beren türkmen halk ertekilerini, hekaýalaryny uly höwes bilen diňlediler. Olar öz okan kitaplary, ol kitaplaryň many-mazmuny, gahrymanlary barada birek-birege uly höwes bilen gürrüň berdiler. Kitaphananyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň gowy dynç almagy şeýle-de kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.