Ummanda kürekli, durmuşda ýürekli ýazyjy


Ummanda kürekli, durmuşda ýürekli ýazyjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessurlaryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Ummanda kürekli, durmuşda ýürekli ýazyjy» atly 100 ýyllyk ýaş toýlarynyň usuly-bibliografiýa gollanma taýýarlanyldy.