Bagtdan paýly zenanlar


Bagtdan paýly zenanlar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtdan paýly zenanlar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar gününiň giňden dabaralandyrylýan günlerinde milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär. Şeýle-de täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary, hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän wakalara işjeň gatnaşýandyklary barada söhbet etdiler.