“Parahatçylykly ýaşaýşyň beýik taglymaty”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli “Parahatçylykly ýaşaýşyň beýik taglymaty” ady bilen aýdym – sazly
wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan ösüşlerininiň türkmen halkymyzy buýsandyrýandygy, begendirýändigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýynyň barha artýandygy, häzirki döwürde bütin dünýäde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygy şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga, dost–doganlyk ýörelgelerine eýerýän hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň abraý – mertebesiniň ýer ýüzünde barha beýgelmegine düýpli itergi berýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinden, çeper eserlerden göçme kitap sergisi gurnaldy we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy.
Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak,tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.