Hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa...” kitabyndan


Hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa...” kitabyndan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa ...” atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede saza-söze uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň aýdym-saz sungatyny öwrenmäge saldamly goşant goşýandygy, hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa...”, atly kitaby türkmen aýdym-saz sungatyna bagyşlanandygy, kitapda milli bagşyçylyk we saz sungatynyň taryhy kökleri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýändigi barada gürrüň berdiler.
Şeýle-de dutar türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli medeni mirasy bolmak bilen bu saz guralynda ýerine ýetirilýän çuň mazmunly aýdymdyr sazlaryň agzybirligi, parahatçylygy, ruhubelentligi, ynsanperwerligi ündemekde ägirt uly hyzmatynyň bardygy, halkymyzyň çeper döredijiliginiň kämil nusgasy bolan dutar türkmeniň durmuşynda ebedi orun alan, türkmen taryhyny sazyň dili bilen beýan edýän mukaddes senetdigi barada gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.