“Welosiped – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik


“Welosiped – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny şeýle-de sport bilen meşgullanmagyny gazanmak hem-de köpçülikleýin ekologiýany arassa saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan çäreler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz, welosporta höwes bildirýän ýaşlar bu sportyň saglyga, daş-töweregiň, howanyň arassalygyna peýdalary barada özara sorag-jogap alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.