“Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym – Pyragynyň arzuwlan zamanasynda”


“Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym – Pyragynyň arzuwlan zamanasynda”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym - Pyragynyň arzuwlan zamanasynda” ady bilen kitap sergi gurnaldy we baýramçylyk çäre geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçiligi, küýzegärçiligi, halyçylygy bilen umumyadamzat medeni-ruhy gymmatlyklary, hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, günsaýyn kuwwatlanýan ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sungat baýramçylyklary barada, şeýle-de öz halkynyň beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy, türkmen halkynyň milli baýlygydygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.