Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy


Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ atly köp jiltli ylmy – ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigi, onda ynsan saglygyny goramakda möhüm bejerijilik ähmiýeti bolan ösümlikleriň melhemlik häsiýetiniň aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy hem-de ulanylyşy bilen bagly maglumatlaryň giňişleýin beýan edilendigi we bu täze kitapda öň öwrenilmedik hem-de halk lukmançylygynda örän uly ähmiýete eýe bolan, türkmen topragyna mahsus dermanlyk ösümlikleiň 120-si barada maglumat berilendigi, şonuň ýaly hem her bir dermanlyk ösümlikleriň türkmençe, latynça, rusça atlarynyň görkezilmegi, suratlarynyň ýerleşdirilmegi, maglumatlaryň diňe bir ylmy jemgyýetçiligiň wekillerine däl, eýsem, ähli okyjylara düşnükli dilde beýan edilmegi kitabyň ähmiýetiniň, gadyr-gymmatynyň has-da artýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.Çäräniň ahyrynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny, döwlet galamynyň ýiti, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.